Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 01.03.2017
3542

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym! Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sizi we tutuş türkmen halkyny Türkiýäniň halkynyň adyndan hem-de öz adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ata Watanymyz hasaplaýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar etmek biziň üçin uly buýsançdyr. Geçen çärýek asyrda syýasy gatnaşyklar we köpugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykdy. 25 ýylyň dowamynda ýola goýlan işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we netijeli hyzmatdaşlygyň sebitde durnuklylygyň dowam etmegine gönükdiriljekdigine pugta ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen ýene bir ýola gutlap, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow