Baş sahypa
\
\
Döwlet we hökümet baştutanlary Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlaýarlar
Döwlet we hökümet baştutanlary Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlaýarlar
Çap edildi 25.02.2017
2893

Siziň Alyhezretiňiz, Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn. Size belent döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikler, türkmen halkyna bolsa yzygiderli ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Siziň gaýtadan saýlanmagyňyz Türkmenistanyň halkynyň Size bolan çäksiz hormatynyň, şeýle hem ýurduň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen Siziň alyp barýan syýasatyňyzyň halk tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Siziň Alyhezretiňiz bilen berk dostluga hem-de özara hormat goýulmagyna esaslanýan iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle hem biziň halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmäge ýokary gyzyklanmany beýan etmek isleýärin. Size çuňňur hormat goýmak bilen, Mohammed VI, Marokkonyň Patyşasy *** Onuň Alyhezerti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha bermek bilen, bu gatnaşyklaryň özara bähbitleriň esasynda yzygiderli ösdüriljekdigien umyt edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, Siziň ajaýyp halkyňyza we ýurduňyza abadançylyk we ösüş arzuw edýärin. Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Kuweýt Döwletiniň Emiri *** Onuň Alyhezerti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size ýokary hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalary kabul ediň. Raul Kastro Rus, Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň başlygy

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow