Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 18.02.2017
3653

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden dabaraly bellenilýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin. Şu ýyl mähriban halkymyz Döwlet baýdagynyň baýramyny ýurdumyzyň durmuşyndaky aýratyn şanly günlerde - Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna aýdyň sahypalaryň biri hökmünde giren waka bolup durýaiy Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan günleriňizde belläp geçýär. Açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda, gin bäsdeşlik esasynda geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmen jemgyýetinde ; demokratik özgertmeleriň giňden ýaýbaňlanandygyny, ilatyň ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmelere işeňňir gatnaşýandygyny, Siziň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny we milli döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça alyp barýan syýasatyňyzy halkymyzyň tüýs ýürekden makullaýandygyny we biragyzdan goldaýandygyny aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiz! Türkmen baýdagynyň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýär. Geçmişde ululy-kiçili döwletleriň onlarçasyny guran, dünýä ösüşine maddy we ruhy gymmatlyklary goşan türkmenleriň ýaşyl tugunyň uly taryhy bardyrj Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişiniň bütin dowamynda milli gymmatlyklaryň biri hökmünde mukaddes baýdagymyza uly sarpa goýlupdynj Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu asylly däpler we ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet baýdagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny kesgitleýän mukaddes nyşanlarymyzyň biridir. Biziň milli guwanjymyz, halkymyzy galkyndyrýan, onuň ruhuny göterýän tug bolup durýan Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň, döwletimiziň şan-şöhratynyň, onuň halkara abraýynyň barha artýandygynyň güwäsi bolup, al-asmanda erkana pasyrdaýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmegine 25 ýyl dolýar. Özüniň hemişelik bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, asuda durmuşyň berkarar bolmagyna, dünýä ýurtlaryny we halklaryny doganlyk-dostluga, deňhukukly hyzmatdaşlyga çagyrýan mähriban halkymyzy beýik maksatlara alyp barýan ýollarda halkymyzy jebisleşdirýän Döwlet baýdagymyzyň döredilen güni Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ählihalk baýramy hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylygyň öň ýanynda Siziň beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp^türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli is kesilenleriň günäsini geçmek hakynda kabul eden Permanyňyz Siziň ynsanperwerligiňiziň, sahawatyňyzyň aýdyň ýüze çykmasy bolup durýar. Sarpasy Belent Prezidentimiz! Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşynda uly wakadyr. Halkymyzy, aýratyn-da, ýaş nesillerimizi watançylyk we belent ahlak ýörelgeferi esasynda terbiýelemekde onuň möhüm ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, Döwlet baýdagymyzyň gadyr-gymmatyny has-da artdyrmak maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde belent sütünli Baş baýdak meýdançasy döredildi. Yurdumyzyň welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem Döwlet baýdagynyň beýik sütünleri guruldy. Garaşsyz Watanymyzyň ähli künjeklerinde asuda asmanyň astynda erkana pasyrdaýan ýaşyl tugumyz merdana halkymyzyň özbaşdak döwlet, abadan we bagtyýar durmuş baradaky/asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň doly hasyl bolandygyny dünýä ýaýýar. Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň Olimpiýa stadionynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň galdyrylmagy we onuň al-asmanda pasyrdamagy halkymyzyň göwün guşuny has-da galkyndyryp, ata-Watanymyza bolan guwanjyny goşalandyrar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda halkymyzyň milli däpleri, parahatçylyksöýüji syýasatynyň alamatlaryny görmek bolýar. Yaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzda şekillendirilen gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini we bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan bolsa, zeýtun baldajyklary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini aňladýar, Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyksöýüji, hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýandygyny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Garaşsyz Watanymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty bütin dünýäde uly goldaw tapýar. Özbaşdak döwletliligiň we garaşsyz daşary syýasaty ýöretmeginiň çärýek asyrynyň içinde Turkmenistan özüni dünýäde özara gatnaşyklaryny oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda guraýan deňhukukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Siziň sebitde we dünýäde parahatçylyksöýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine goşulmazlyk, özygtyýarlygyna hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara hyzmatdaşlyk esasynda ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy. Siziň tagallalaryňyz bilen dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär we berkidilýär. Bu ugurda türkmen diplomatlarynyň hyzmatlary uludyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenilýän günlerinde özleriniň hünär baýramyny belleýän türkmen diplomatlary dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirýärler. Siziň tagallaňyz bilen ýurdumyzyň diplomatik işgärleri tutanýerli is alyp baryp, döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli goraýarlar. Sarpasy Belent Prezidentimiz! Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekr milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak, Siziň alyp barýan syýasatyňyzy halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmek üçin ähli tagallalary etjekdigine Sizi ynandyrýaryn. Hormatly Prezidentimiz! Sizi Döwlet baýdagynyň güni hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, mertebäňiz belent, ömrüňiz uzak, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiz elmydama rowaç bolsun! Sizi çuňňur hormatlamak bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan A.Nurberdiýewa

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow