Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 18.02.2017
3476

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Türkmenistanyň giňden we dabaraly bellenilip geçilýän milli baýramy bolan Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Arkadag we Gahryman Liderimiz - Siziň berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň durmuş-medeni hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriňiziň, parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek hem-de gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydarna rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Belent Mertebeli Prezidentimiz! Döwlet baýdagymyz Türkmenistan Watanytnyzyň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolup durýar. Döwlet baýdagyna mähriban halkymyz mukaddeslik hökmünde uly sarpa goýyar. Muny Miili Liderimiz - Siziň Döwlçt baýdagymyzyň gymmaty hakynda çuň rnany-mazmuna ýugrulan sözleriňiz hem doly tassyk edýär: «Gözlerimiziň görejine, başlarymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzda erkana pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyz bizlň milii buýsanjymyzdyr, merdana halkymyzyň özygtyýarly döwlet, asuda-bagtyýar durmuş hakyndaky päk arzuwlarynyň amala aşmagydyr». Milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň buýsanjyny, bay taryhyny, bagtyýar şu gününi alamatlandyrýan Tugumyza ägirt uly sarpanyň subutnamasy hökmünde Döwlet baýdagymyzyň döredilen güni agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar, Eziz Watanymyzyň erkinliginiň hem-de berkararlygynyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyzyň hormatyna ähli şäherdir obalarymyzda kalbymyzda we ýüregimizde Mähriban Arkadagymyz - Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda kuwwatly döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buýsanç duýgularyny pugtalandyrýan, jemgyýetimiziň ruhubelentligini, agzybirligini we jebisligini dabaralandyiýan joşgunly baýramçylyk dabaralary geçirilýär, häzirki döwrüň ösen talaplaiyna laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly täze binalar açylýar. Bularyň ählisi dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň artýandygyny, şan-şöhratynyň, mertebesiniň has-da belende göterilýändigini, milli jebisligimiziň, agzybirligimiziň, watansöýüjiligimiziň belent ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyny tassyk edýär! Arkadag we Gahryman Liderimiz! Siziň öňdengörüjüikli baştutanlygyňyzda agzybir halkymyz Döwtet baýdagynyň astynda belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Siziň ynsanperwer döwlet syýasatyňyza laýyklykda eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-. syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Siziň beýik başlangyçlaryňyz bilen ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. Nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, ykdysadyýet, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda Watanymyzyň ykdysady taýdan durnukly depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan berkarar döwletdigini ykrar edýän toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwletimizin halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar. Siziň adamzadyň gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek ugrundaky tagallalaryňyz, parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrundaky öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryňyz dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň açylmag, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarynyň mejlislerinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty», “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi, «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň täzeden ykrar edilmegi Hormatly Prezidentimiz - Siziň milli bähbitler bilen halkara jemgyýetçiliginiň bahbitleriniň arasyndaky oňyn deňagramlylygy tapmak ugrundaky beýik başlangyçlarynyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny, Ýer ýüzünde Bitaraplyk ýörelgesini gyşarnyksyz ýöredýän Türkmenistanyň we türkmen halkynyň dostlarynyň köpelýändigini tassyk edýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bolsa parahatçylygyň tarapdary Mähriban Arkadagymyz -Siziň oňyn daşary syýasatyňyzyň, umumadamzat bähbitli ynsanperwer beýik başlangyçlaryňyzyň dabaralanmasydyr, Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýyny pugtalandyrýan taryhy wakadyr. Mähriban halkymyz Milli Liderimiz - Siziň beýik başlangyçlaryňyz bilen ynsanperwerlik, parahatçylyk, bitaraplyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna, Watanymyzyň at-abraýynyň dünýä dolýanlygyna çäksiz buýsanýar. Çuňňur hormatlanylýan Türkmealstanyň Prezidenti! Sizi Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, işleriňiz rowaç, baýramyňyz gutly-mübarek bolsun, Mähriban Arkadagymyz! Sizi çuňňur hormatlamak bilen, D.Amangeldiýew B.Annameredow, B.Atdaýew, R.Bazarow, B.Ereşow, B.Hojamämmedow, Ý.Kakaýew, R.Meredow, G.Mämmedowa, S.Toýlyýew.

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow