Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 18.02.2017
3403

Siziň Alyhezretiňize öz adymdan, şeýle hem Saud Arabystanynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge örän şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin. Bildirilýän tagallalaryň netijesinde doganlyk halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny we berkidiljekdigini nygtamak isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Siziň doganyňyz, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman Ben Abdel Aziz Al Saud, Saud Arabystanynyň Patyşasy *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Iki halkyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dostlukly gatnaşyklarymyzy we hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmaga bolan ymtylmamyzy tassyklamak isleýärin. Size türkmen halkynyň rowaçlygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin. Kabus Bin Said, Omanyň Soltany *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy uly kanagatlanma bilen ýollaýaryn. Pakistany we Türkmenistany taryhy, ruhy medeni umumylyga esaslanýan ysnyşykly we özara hormat goýmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Pakistan Türkmenistan bilen ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki tarapyň bähbitlerine ösmegini dowam etjekdigine ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we uly üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz meniň ýokary hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Mamnun Husseýn, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow