Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn. Siziň ynamly ýeňşiňiz türkmen halkynyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda döwlet institutlaryny mundan beýläk-de berkitmek, durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmek we raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän syýasatyň türkmen halkynyň uly ynamyna mynasyp bolýandygyny tassyklaýar. Biziň ýurdumyzda Russiýany we Türkmenistany baglanyşdyrýan däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga goşýan saldamly goşandyňyza ýokary baha berilýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşe eýe bolýandygy wajypdyr. Köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň biziň döwletlerimiziň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Siziň jogapkärli işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy