Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Ukrainanyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Ukrainanyň Prezidentinden
Çap edildi 16.02.2017
3375

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň Türkmenistanyň Prezidentligine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Saýlawlarda gazanylan ynamly ýeňiş türkmen halkynyň Siziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyňyza uly ynam bildirýändigine, ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de onuň raýatlarynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriňiziň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Ukrainany we Türkmenistany özara ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Siziň şol gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly üns berýändigiňiz biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine uly ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Sizi şu ýyl resmi sapar bilen Ukrainada mübäreklemäge şat bolaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Pýotr Poroşenko, Ukrainanyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow