Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretaryndan
Türkmenistanyň Prezidentine Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretaryndan
Çap edildi 16.02.2017
3297

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine üçünji möhlete saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn we Size parahatçylykly demokratiýalaşdyrmak ýolundaky işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Size bildirilen ynam geçen iki Prezidentlik möhletiniň dowamynda döwletiň gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň Siziň howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga we gazanylan üstünligi mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen ugruňyza eýermek islegini görkezýär. Biz Siziň ýolbaşçylygyňyzda arap-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys. Siziň häzirki zaman dünýäsinde biziň tutuş adamzat üçin abadançylyga, ýagty, has howpsuz we parahatçylykly geljege hem-de halklaryň arasyndaky özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna bolan umyt-arzuwlarymyzy paýlaşýandygyňyza ynanýaryn. Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Ahmed Abu Al-Geýt, Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretary

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow