Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Energetika Hartiýasynyň Baş sekretaryndan
Türkmenistanyň Prezidentine Energetika Hartiýasynyň Baş sekretaryndan
Çap edildi 16.02.2017
3378

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň. Ses bermegiň netijeleri Siziň ýurtda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge hem-de halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli işiňize raýatlar tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Siziň tutanýerli hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň Siziň halkyňyzyň asylly maksatlaryny hem-de umyt-arzuwlaryny durmuşa geçirjekdigine, ýurduňyzyň dünýä bileleşiginde eýeleýän mynasyp ornuny berkitjekdigine ynanýaryn. Energetika Hartiýasynyň Siziň ýurduňyzyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge goldaw berjekdigine Sizi ynandyrmaga rugsat ediň. Biziň golaýda Aşgabada bolan saparymyzyň barşynda Siziň bilen ara alyp maslahatlaşyşymyz ýaly, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi energetika ulgamynda ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berer. Başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan Konsepsiýa özüne uly wezipeleri birleşdirýär. Bize köp işler garaşýar, ýöne men Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň ählisiniň işjeň gatnaşmagynda we türkmen kärdeşlerimiz bilen ysnyşykly gatnaşykda zerur bolan netijäni gazanyp biljekdigimize ynanýaryn. Türkmenistanyň we Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň arasynda indi 25 ýyldan bäri dowam edip gelýän netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin. Urban Rusnak, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow