Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 16.02.2017
3350

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, Horwatiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge örän şatdyryn. Şu jogapkärli wezipede Siziň ýurduňyzyň durnuklylygynyň we ösüşiniň hem-de onuň raýatlarynyň abadançylygynyň bähbidine maksada laýyk işi dowam etjekdigiňize ynanýaryn. Horwatiýa Respublikasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Şol gatnaşyklar bolsa biziň ýurtlarymyz üçin özara gyzyklanma bildirilýän dürli ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär we berkidilýär. Geljekki bilelikdäki tagallalaryň kömegi bilen biziň umumy hyzmatdaşlygymyza, aýratyn hem iki ýurduň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşmagymyzy dowam etdirjekdigimize berk ynanýaryn. Jenap Prezident, Size iň gowy arzuwlarymy hem-de öz adymdan we Horwatiýanyň halkynyň adyndan hakyky dostlugymy beýan edýärin. Ýakyn wagtda Sizi Horwatiýa Respublikasynda kabul etmek mümkinçiligine umyt etmek bilen, Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Kolinda Grabar-Kitarowiç, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow