Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Maliniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de ähli türkmen halkyna Täze ýylda bagtyýar durmuş baradaky iň gowy arzuwlary ibermäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ajaýyp dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy ýene bir gezek tassyklamak isleýärin. Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden abadançylyk we dostlukly türkmen halkyna mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Ibrahim Bubakar Keýta, Mali Respublikasynyň Prezidenti