Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Täjigistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Farruh Homiddin Şarifzodany Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de onuň meniň adymdan we Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size aýtjak sözleriniň ählisine ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti