Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 07.01.2017
1274

Gadyrly doganym, Täze 2017-nji ýyl mynasybetli Sudan Respublikasynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna hem-de Hökümetine gyzgyn gutlaglarymy ýollaýaryn. Täze 2017-nji ýyly bilelikde belleýän pursatymyzda biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda mähirli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen belläsim gelýär. Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, bagt we öňegidişlik barada ýollaýan iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýş edýärin. Omar Hassan Ahmed Al-Başir, Sudan Respublikasynyň Prezidenti ** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Şatlykly baýramçylyklar köp bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun! Petr Poroşenko, Ukrainanyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Şatlykly Roždestwo we bagtly Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris! Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Tereza Meý ýanýoldaşy bilen

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow