Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanýan jenap Prezident! Täze, 2017-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň. Geçen, 2016-njy ýylyň üstünlikleri, döredijilikli başlangyçlary Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy ýylýazgysyna hemişelik girer. Türkmenistanyň halky öz ýurdunyň Prezidenti hökmünde Siziň myhmansöýer we ajaýyp döwletiňizde parahatçylygy hem-de asudalygy saklamak boýunça tutanýerli zähmetiňize we taýsyz tagallalaryňyza ýokary baha berýär. Bu asuda, döredijilikli birleşmede Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyz öz beýanyny tapýar. Netijede, ýurduňyzda ösüp gelýän nesli ruhy hem-de ahlak taýdan kemala getirmegiň, ata-babalaryň hoşniýetli däplerine wepalylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda öňe tarap okgunly hereketiň amatly ýagdaýy döreýär. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size Beýik Biribardan berk jan saglyk, ähli gowulyklary hem-de eziz Watanyňyzyň bähdidine alyp barýan ýeňil bolmadyk işleriňizde gujur-gaýrat dileýärin. Goý, 2017-nji ýyl söýgi, ýagşylyk, abadançylyk, parahatçylyk, kalby päklik, ruhy şadyýanlyk, netijeli we döredijilikli zähmet ýaly gowulyklara beslensin! Beýik Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn! Çuňňur hormatlamak bilen, Wikentiý, Daşkentiň we Özbegistanyň Mitropoliti, Orta Aziýada Mitropolitiň edara edýän okrugynyň baştutany