Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 04.01.2017
1269

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size Täze, 2017-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy mälim edýärin. Goý, bu ýyl Türkmenistanyň ösüşinde we GDA-nyň çäklerindäki döwletara hyzmatdaşlygynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde täze üstünliklere beslensin! Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Size Täze ýyl gutlaglary bilen birlikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işine yzygiderli goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk bildirýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, S.Lebedew, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine Ýetiriji sekretary *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy kabul ediň. 2017-nji ýylyň Siziň Alyhezretiňize saglyk we bagt, dünýä ýurtlaryna parahatçylyk, durnuklylyk hem-de abadançylyk getirmegini arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Ilçi Ramil Hasanow, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow