Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 03.01.2017
1824

Siziň Alyhezretiňiz! Täze, 2017-nji ýylda Size bagt arzuw edýärin. Ispaniýanyň Patyşasy Felipe maşgalasy bilen *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Size Täze ýylda bagt we parahatçylyk arzuw edýärin. Abdalla II, Iordan Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagt, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin. 2017-nji ýylyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk şertlerinde umumadamzat gymmatlyklaryny artdyrýan, halklaryň arasyndaky ýakynlaşmak, birek-birege düşünişmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýardam berýän köprüleriň gurulýan täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrjakdygyna ynam bildirýärin. Hormatlamak bilen, Mohammed VI, Marokkonyň Patyşasy *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýylda gowulyklary arzuw edýärin. Tonganyň Patyşasy Tupou VI maşgalasy bilen *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize Täze, 2017-nji ýylyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek üçin mümkinçiligiň dörändigine şatdyryn. Täze ýylyň ähli ýurtlar we tutuş adamzat üçin parahatçylygyň, howpsuzlygyň, gülläp ösüşiň ýyly boljakdygyna ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk arzuw edýärin, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ähmiýet bermekçidigimi beýan edýärin. Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Kuweýt Döwletiniň Emiri

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow