Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 16.12.2016
1301

Öz adymdan hem-de Owganystanyň halkynyň adynda Siziň Alyhezretiňizi we dostlukly türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Owgan halky Türkmenistanyň Bitaraplygyny Owganystan üçin hem, sebitiň ýakynlaşmagy üçin hem oňaýly ýagdaý diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy iki dostlukly we doganlyk halklarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy has-da ösdürmäge mümkinçilikleri döredýär. Goňşylar bilen gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň syýsaty hem-de Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan ykdysady üstünlikleri görelde almaga nusgalykdyr. Siziň Alyhezretiňize saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin. Mohammad Aşraf Gani, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhyzreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Moldowa Respublikasynyň halkynyň adyndan türkmen halkyny milli baýram—Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek hem-de goldamak baradaky ykrarnamasy halkara gatnaşyklarynyň tejribesiniň taryhynda aýratyn waka boldy. Dünýä bileleşigi ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň esasy döwletleriniň biriniň bitaraplyk derejesini kepillendirmek meselesini biragyzdan goldaýandygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýram edilmegi Siziň ýurduňyzyň öz bitaraplyk derejesine belent sarpa goýýandygynyň subutnamasydyr, bu derejäniň oňyn netijeleri köp ýurtlar, şol sanda Moldowa Respublikasy üçin hem oňat nusgadyr. Igor Dodon, Moldowa Respublikasynyň saýlanylan Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow