Hormatly doganym, jenap Prezident! Siziň Alyhezretiňize meni we meniň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetimi ýakynda Türkmenistana bolan sapar wagtymda mähirli kabul edendigiňiz, şeýle hem myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Durnukly ulag-ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň işine gatnaşandygym, şeýle hem Siziň Alyhezretiňiz bilen duşuşmaga we iki tarap üçin hem uly ähmiýete eýe bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdyryn. Şeýle hem maňa Türkmenistanyň Halkara nebitgaz uniwersitetiniň Hormatly doktory adynyň dakylandygy üçin hoşallygymy beýan edýärin. Hormatly doganym, jenap Prezident! Siziň Owganystanyň wekiliýetine bildiren hormat-sarpaňyz hem-de myhmansöýerligiňiz biziň ýurdumyza dostluk we hoşniýetli garaýyşlaryňyzyň aýdyň subutnamasydyr. Biz muňa belent baha berýäris. Biziň saparymyzyň barşynda Türkmenistan bilen Owganystany baglanyşdyrýan Atamyrat-Akina demir ýolunyň açylandygy üçin hoşallygymy bildirýärin, bu Siziň başlangyjyňyz bilen sebitde amala aşyrylýan iri taslamalaryň biridir. Atamyrat-Akina demir ýoly Owganystan we bütin sebit üçin hem möhüm ähmiýetli taslamadyr. Bu polat ýolunyň ulanmaga berilmegi diňe bir Owganystanyň we Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly ýardam bermek bilen çäklenmän, sebitiň beýleki döwletleri hem onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. Bu iri möçberli taslamanyň sebitiň ykdysady ösüşinde ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyna, şeýle hem sebitde durnuklylygyň saklanmagyna düýpli täsir etjekdigine ynanýaryn. Bu demir ýolunyň açylandygy üçin owgan halkynyň adyndan tüýs ýürekden şatlygymy we hoşallygymy beýan edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Mohammad Aşraf Gani, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti