Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 13.12.2016
1290

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym! Öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkiýäni hem goşmak bilen 185 ýurduň ses bermeginde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolup, dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostluk gatnaşyklaryny ösdürip, sebitde durnuklylygyň hem-de asudalygyň üpjün edilmegine netijeli goşant goşýar. Siziň Alyhezretiňiziň, meniň gadyrly doganymyň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagynyň yzysüre Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesini oňyn Bitaraplyk syýasatynda amal etdi hem-de halkara jemgyýetçiliginde sebitiň dawaly meseleleriniň çözülmeginde parahatçylyk döredijilik wezipesini ýerine ýetirýän döwlet hökmünde abraýa mynasyp boldy. Bızıň ýurdumyz hem dawaly ýagdaýlara goşulmazlyk, sebit durnuklylygyny saklamak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýar. Hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegine bagyşlanan maslahata gatnaşmagymyň çäklerinde geçen ýyl meniň Aşgabatda bolan mahalym bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirýärin. Öz güýjüni hem-de gözbaşyny dil, taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan biziň berk dostluk we doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da artmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňize, gadyrly doganyma saglyk, bagt, üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Rejep Taýyp Erdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow