Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 12.12.2016
1219

Siziň Alyhezretiňiz! Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen sazlaşykly gatnaşyklary goldamak we berkitmek isleginden ugur alyp, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesi bolan jenap Kristian Bergeri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany wezipesine bellemek kararyna geldi. Jenap Kristian Bergeriň şahsy hem-de iş aýratynlyklary onuň Siziň Alyhezretiňiziň ynamyny we hormatyny gazanyp biljekdigi barada bizde ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Kristian Bergeri hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de onuň Ýewropa Bileleşiginiň adyndan aýtjak ähli zatlaryna doly ynanmagyňyzy Siziň Alyhezretiňizden haýyş edýäris. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin. Donald Tusk, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Irlandiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak isleginden ugur alyp, Irlandiýanyň Hökümetiniň tabşyrygy hem-de ylalaşmagy esasynda men jenap Edrian Makdeýdi Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Makdeýdiň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna we ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, jenap Makdeýdiň Size Irlandiýanyň adyndan habar berjek ähli zatlaryna, aýratyn-da, meniň Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we Türkmenistana rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Dostlukly arzuwlar bilen, Maýkl D.Higgins, Irlandiýanyň Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow