Siziň Alyhezretiňiz, Iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Kris Kuteri Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň iş başarjaňlygy hem-de tutanýerliligi özüniň möhüm borçlaryny Siziň makullamagyňyza we hormat goýmagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Size meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn hem Size rowaçlyk we Siziň ýurduňyza gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetiren mahaly, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Dewid Jonston, Kanadanyň General – gubernatory