Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek maksadynda men Aýalew Gobeze Worknehi Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek barada Karar kabul etdim. Jenap Aýalew Gobeze Worknehiň ukyp-başarnyklary mende onuň öz wezipe borçlaryny Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna we berjek ýokary bahasyna laýyk derejede ýerine ýetirjekdigine doly ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, men Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de onuň meniň adymdan hem-de Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan, aýratyn hem Siziň Alyhezretiňize saglyk we Türkmenistanyň halkyna abadançylyk we gülläp ösmek barada iň gowy arzuwlarymy ýetirende, onuň aýtjak ähli sözlerine doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin. Hoşniýetli arzuwlar bilen, Mulatu Teşome, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti