Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 18.11.2016
1272

Hormatly jenap Prezident, 2016-njy ýyl Sloweniýa we Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir, çünki döwletleriňi ikisi hem Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyny belleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de Siziň ýurduňyza hemmetaraplaýyn ösüş we türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Üç ýyl mundan ozal, biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl doldy. Soňky ýyllarda köpsanly duşuşyklaryň, şol sanda Siziň 2015-nji ýylda bolan resmi saparyňyzyň netijesinden gatnaşyklarymyzyň berkändigini bellemek ýakymlydyr. Şol saparyň barşynda biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygymyzy tassykladyk. Siz 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny ýurduňyzyň içinde we halkara derejesinde, şol sanda biziň wekillerimiziň gatnaşmagynda dabaraly çäreler bilen belläp geçdiňiz. Şunuň bilen baglylykda, biziň umumy bähbitlerimize uly mümkinçiliklere eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Ähli ulgamlarda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin mundan beýläk hem tagalla etjekdigime Sizi ynandyrýaryn. Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Borut Pahor, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow