Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 16.11.2016
1275

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de Size üstünlik hem-de berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn. Jenap Prezident, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Sauli Niýnistýo, Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna saglyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Şeýle hem strategiki geljek üçin ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki hereketlere ygrarlydygymy tassyklamak isleýärin. Rumyniýanyň we Türkmenistanyň, aýratyn-da, energetika pudagynda, ikitaraplaýyn we sebit söwdany höweslendirmäge gönükdirilen Gara we Hazar deňizlerinde portlaryň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak işinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegini dowam etjekdigine ynam bildirýärin. Jenap Prezident, meniň Size örän belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Klaus Werner Ýohannis, Rumyniýanyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Laosyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna iň mähirli gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin. Şu pursatdan peýldalanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Siziň Alyhezretiňiz bilen özara hereketleri ösdürmäge ymtylmalarymy beýan edýärin. Size berk jan saglyk hem-de asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size örän belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Bunnýang Woraçit, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow