Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de jan saglyk we abadançylyk, Siziň ýurduňyza gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy iberýärin. Bitarap ýurtlaryň derejesinde Türkmenistan hem-de Şweýsawriýa dawalaryň çözülmegi we parahatçylygy goldamak babatda umumy jogapkärçiligi paýlaşýarlar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Ýohan N. Şnaýder-Ammann, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş barada tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin. Marselu Rebelu di Soza, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Gündogar Timor Demokratik Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Siziň Alyhkzretiňiz, meniň Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Taur Matan Ruak, Gündogar Timor Demokratik Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna gutlaglarymy we saglyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin. Filipp, Belgiýanyň Patyşasy