Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 11.11.2016
1255

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürrekden çykýan arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin. Pursatdan peýdalanyp, ähli ugurlarda biziň ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň möhümdigini tassyklamak isleýärin. Size ähli gowulyklary, berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Uly hormat bilen, Abdel Fattah As Sisi, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Gresiýanyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. Size özümiň abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş hem-de bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn. Prokopis Pawlopulos, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Kipr Respublikasynyň hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we bütin türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan durnuklylyga, gülläp ösüşe we durmuş taýdan üstünliklere eýe boldy. Siziň ýurduňyz öz ösüş nusgasyny döretmek boýunça möhüm işleri amala aşyrdy hem-de zygtyýarlylygyny we ornuny ýokarlandyrdy. Bitaraplygyň şamçyragy bolmak bilen, Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşdy. Pursatdan peýdalanyp, Kipriň biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksadyna ygrarly bolup galýandygyna Sizi ynandyrmak isleýärin. Jenap Prezident, meniň belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Tüýs ýürekden arzuwlar bilen, Nikos Anastasiadis, Kipr Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Öz adymdan hem-de Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan Siziň dostlukly ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Hamad bin Isa al-Halifa, Bahreýniň Patyşasy

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
top-arrow