Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 06.11.2016
1273

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size, Hökümetiňize we halkyňyza iň mählili gutlaglarymy beýan edýärin. Häzirki wagtda has durnukly, rahat hem-de sagdyn dünýäni kemala getirmekde biziň umumy maksatlarymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytlaýjy orny bardyr. Biz bu işde ählumumy borçnamalarymyzy, esasan-da, Durnukly ösüş maksatnamalary hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy boýunça öňde goýan wezipelerimizi ýerine ýetirmekde her bir ýurda daýanýarys. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi diňe bir Siziň ýurduňyzyň taryhyndaky şanly senäni bellemäge däl-de, eýsem, hukuklaryň, adamyň we dünýäniň ösüşiniň mizemez gymmatlyklaryny ýene bir gezek tassyklamaga mümkinçilk berýär. Birleşen Milletler Guramasyna dürli agzalary öz hataryna çekmek bagty miýesser etdi, munuň özi dürli medeni ýörelgeleri umumy işe birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň goşandy biziň umumy maksatlara ýetmegimiz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Men Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda Siziň Hökümetiňize bil baglaýaryn, çünki biz hemmeler üçin abadançylygy üpjün etmäge çalyşýarys. Siziň Alyhezretiňiz, belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Pan Gi Mun, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin ägirt uly gyzyklanma bildirýändigimi bellemek isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz, meniň abadançylyk we üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Beji Kaid Es-Sebsi, Tunis Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow