Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 03.11.2016
1359

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň çärýek asyr mundan ozal gazanan Garaşsyzlygy diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, biziň dostlukly halkymyz üçin hem möhüm waka boldy. Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly şanly senesi mynasybetli, Ysraýylyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, gülläp ösüş, Size hem-de Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn. Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan hakyky mähirli gatnaşyklary hem-de gadymy halklarymyzyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklary bellemek isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Reuwen Riwlin, Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Size Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 25 ýyllygy mynasybetli mähirli arzuwlarymy hem-de gutlaglarymy beýan edýärin. Goý, bu baýramçylyk türkmen halkynyň mundan beýläkki ösüşiniň we abadançylygynyň nyşanyna öwrülsin hem-de Indoneziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ynanyşmak gatnaşyklary mundan beýläk-de halklarymyzyň bähbidine ösdürilsin! Siziň Alyhezretiňiz, meniň örän belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Joko Widodo, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk, tutuş türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy ýollaýaryn. Bidhýa Dewi Bhandari, Nepalyň Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow