Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 02.11.2016
1256

Hormatly jenap Prezident, Türkmenistanyň milli baýramçylygy mynasybetli Size özümiň mähirli gutlaglarymy, şeýle hem türkmen halkyna bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýigrimi bäş ýyllygy--munuň özi şu döwrüň dowamynda döwletiň geçen ýoluna baha bermäge mümkinçilikdir. Syýasy we ynsanperwer ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmeginde Siziň ýurduňyzy Fransiýanyň goldaýandygyny beýan etmek isleýärin. Soňky çärýek asyryň dowamynda biziň döwletlerimiziň arasynda ynama we dostluga esaslanan aýratyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Fransiýa Türkmenistanyň sebitde parahatçylyga hem-de durnuklylyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasatyny Birleşen Milletler Guramasynda goldady. Şeýle hem ykdysady ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berip, fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda ozaldan gelýän we berk ýörelgeleri eýeleýändigini bellemäge şatdyryn. Biziň gatnaşyklarymyz ähli ulgamlarda uly kuwwata eýedir we şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge ymtylýandygyna ynandyrmak isleýärin. Hormatly jenap Prezident, meniň örän çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Fransua Olland, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow