Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Çap edildi 26.10.2016
1474

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hususan-da, gutlaglarda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriň birine öwrülendigi we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolandygy nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, tutuş adamzadyň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän täzeçil başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Gutlag hatlaryny iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärler. Türkmenistanyň Prezidentine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Atdaýew, R.Bazarow, Ş.Durdylyýew, B.Ereşow, B.Hojamämmedow, Ý.Kakaýew, R.Meredow, G.Mämmedowa, S.Satlykow, S.Toýlyýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Mejlisiň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli A.Nurberdiýewa gutlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlaglaryny ýolladylar. Ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan milli Liderimizi Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow, Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow gutladylar. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly baýramçylyk bilen, saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Demokratik partiýanyň başlygy K.Babaýew, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö. Enermyradow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Babaýew, Ýaşulalaryň malahatynyň Başlygynyň orunbasary G.Aýlyýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary G.Nepesow, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutladylar.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow