Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 26.10.2016
1493

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny yglan etmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Siziň ýurduňyzyň durmuş-ykdysady ösüş boýunça möhüm meseleleri çözmekde gazanýan üstünlikleriňiz umumy derejede ykrar edilýär. Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar hem-de dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris. Dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebitara we halkara işlerindäki netijeli gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, täze üstünlikler, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, W.Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Amerikanyň halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň tutuş halkyna 27-nji oktýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy iberýärin. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar oňyn ösdürilýär we ol ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň dabaralnamagyna bolan umumy gyzyklanmalarymyzy beýan edýär. Şeýle hem biz Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk we parahatçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyna we Owganystanyň düzümleýin we ynsanperwer ösüşine goşýan möhüm goşandyna ýokary baha berýäris. Bu şanly baýramçylyk gününde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen bilelikdäki işlere ygrarlydygyna ynandyrmak isleýärin. Biziň gatnaşyklarymyzyň geljekde has-da berkejekdigine umyt edýärin. Hormatlamak bilen, Barak Obama, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli hytaý halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy aýtmaga rugsat ediň. Türkmenistan Garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde döwlet gurluşynda ägirt uly üstünlikler gazandy. Aýratyn-da, soňky ýyllarda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanda syýasy durnuklylyk pugtalandy, ykdysady ösüş we halkyň abadançylyk derejesi ýokardandy, Siziň ýurduňyzyň ýagdaýyna laýyk gelýän ösüş ýoly kesgitlendi. Hytaý dostlukly we goňşy ýurt, möhüm hyzmatdaş hökmünde bu üstünliklere örän şatdyr. Hytaý-türkmen gatnaşyklaryna uly üns bermek bilen, men biziň dostlugymyza aýratyn gadyr goýýaryn we biziň ýurtlaymyzyň we halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki tagalla mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygymy mälim edýärin. Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde üstünlik arzuw edýärin. Dostlukly Türkmenistana gülläp ösüş, onuň halkyna bolsa, bagt we rowaçlyk arzuw edýärin. Si Sizinpin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, meniň doganym! Türkiýäniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlaýaryn. Biz Siziň Alyhezretiňiziň öňdengörüjilikli syýasatyňyz netijesinde Türkmenistanyň gün-günden ösýändigi we 25 ýylyň dowamynda halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyny buýsanç bilen belleýäris. Biziň ýurdumyzyň Türkmenistanyň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda yglan edilen Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar edendigine we Aşgabatda ilkinji bolup öz ilçihanasyny açandygyna buýsanýarys. Garaşsyzlygyna eýe bolan pursatynda biz öz taryhy Watanymyz bolan Türkmenistany doganlyk döwlet hökmünde görýäris. Bizi köptaraplaýyn, aýratyn hem-de örän ýakyn gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Biziň doganlyk halklarymyzyň umumy gymmatlyklaryna daýanýan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagy geljekki oňyn hyzmatdaşlygyň kepili bolup durýar. Siziň Alyhezretiňiz, meniň doganym, Size berk jan saglyk, bagt, üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident! Öz adymdan we öz watandaşlarymyň adyndan Türkmenistanyň halkyny we Sizi döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Germaniýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden we diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ýurtlaryň biridir. Şu döwürde biziň syýasy-ykdysady, medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklarymyz hemmetaraplaýyn ösdi. Siziň Berline bolan saparyňyz muny has aýdyňlygym bilen äşgär etdi. Demokratik we hukuk döwletiniň kadalaryna laýyk gelýän düzümler ähli ulgamlaryň ösüşiniň baş şerti bolup durýar. Türkmenistan bu ýörelgeleriň ösüşinde biziň ýurdumyzyň goldawyna bil baglaýar. Germaniýa mundan beýläk-de Türkmenistan üçin ygtybarly we netijeli hyzmatdaş bolmagynda galar. Türkmenistanyň halkyna parahatçylykly, erkin we abadan durmuşy arzuw edýärin. Ioahim Gauk, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Geçen çärýek asyr döwürde Türkmenistan ykdysady ösüşinde we raýatlaryň abadançylyk derejesini pugtalandyrmakda ägirt uly netijelere eýe boldy. Jemgyýetde parahatçylygyň we ylalaşygyň bolmagy, oýlanyşykly daşary syýasat ugry ýurduň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Şu döwürde belarus-türkmen gatnaşyklary dostluk, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly esasda ýola goýuldy. Möhüm hyzmatdaşlykda ýetilen dereje biziň umumy gazanan üstünligimizdir. Bilelikdäki tagallalar arkaly onyň mundan beýläk-de saklanjakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we ähli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Aleksandr Lukaşenko, Belarus Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Ukrainanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Şu ýyllaryň içinde Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylandygyny, halkara bileleişiginiň doly hukukly agzasy bolandygyny we sazlaşykly ösüşini dowam edýändigini bellemek ýakymlydyr. Bilelikdäki tagallalar arkaly biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň örän ähmiýetlidigini we döwrüň talabydygyny äşgär edýän Hökümetara toparynyň durmuşa geçirýän çäreleri işjeňleşdirmek başartdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň abadançylygygyň bähbidine berkidiljkdigine we ösdürildjekdigine ynam bildirýärin. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Siziň jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Pýotr Poroşenko, Ukrainanyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi we Siziň halkyňyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we biziň ýurtlarymyzyň abadançylygyna gulluk etjekdiklerine ynanýaryn. Bu şanly günde Size berk jan saglyk, işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Siziň tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň syýasy, ykdysady we medeni pudaklarynda ägirt uly üstünlikleri gazanýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy Siziň Gruziýa bolan saparyňyz mahalynda aýdyňlyk bilen tassyklandy. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de berkejekdigine we ösdüriljekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi bu şanly sene bilen ýene bir ýola gutlaýaryn we Size uly üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Giorgiý Margwelaşwili, Gruziýanyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gysga taryhy döwürde Bitarap Türkmenistan halkara giňişligindäki abraýyny belende göterip, sazlaşykly ösýän garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edildi. Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we birek-birege düşünişmek esaslaryna daýanýan doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de puglanjakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirýärin. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hoşniýetli arzuwlar bilen, Nursultan Nazarbaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Çärýek asyr mundan ozal Türkmenistan özbaşdak döwlet gurluş ýoluny saýlap aldy we taryhy nukdaýnazardan bu gysga döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösüşde we halkara giňişligindäki abraýyny berkitmekde uly üstünlikler gazandy. Täjigistan we Türkmenistan häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan dostluk we köptaraplaýyn hyzmatldaşlyk gatnaşyklary arkaly baglanyşýar. Köpasyrlyk taryhy bolan şeýle gatnaşyklaryň mundan beýläk-de biziň halklaryňyzyň bähbidine yzygiderli ösldüriljekdigien ynam bildirýärin. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýekwiç, Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we Siziň jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we güllläp ösüş arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi we dogalyk türkmen halkyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen özbek halkynyň adyndan we hut adymdan gutlamak mende çuňňur kanagatlanma duýgusyny döredýär. Taryh üçin örän gysga wagtda dostlukly Türkmenistan özüniň maksadaokgunly hem-de köptaraply işi netijesinde özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna eýe boldy. Siziň ýolbaşçylygyňyzda çuňňur oýlanyşykly iri göwrümli durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasynyň we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi umumy ykrar edilen üstünlikleriň we ýetilen belent sepgitleriň pugta binýady boldy hem-de türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny we ruhy galkynyşyny, şeýle hem halkara derejesinde ýurduň abraýynyň ýokarlanmagyny üpjün etdi. Hormatly jenap Prezident, Siziň öňdengörüji syýasatyňyz netijesinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine biz Özbegistanda tüýs ýürekden şatlanýarys. Siziň paýhasly syýasatyňyz netijesinde Türkmenistan özbek halky üçin ýakyn hem-de hormatly goňşy bolup durýar. Bizi köp asyrlaryň dowamynda dostlukly gatnaşyklar we özara hyzmatdaşlyk, medeni we ruhy gymmatlyklaryň, diliň, däp-dessurlaryň umumylygy mäkäm baglanyşdyrýar. Hut şu mizemez umumylyk häzirki wagtda bize häzirki zaman dünýäsiniň wehimlerini bilelikde ýeňip geçmek üçin ygtybarly ynam we egsilmez güýç berýär. Biz halkara we sebit syýasatynyň ileri tutulýan we esasy ugurlary hem-de möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň deň gelýändigini uly kanagatlanma bilen belleýäris. Golaýda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan bilen öňde duran ýyllarda we uzakmöhletleýin geljekde giň göwrümli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin biziň toplumlaýyn “Ýol kartasyny” kabul edendigimizi Size habar bermegi zerur hasap edýärin. Biz paýtagtyň iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze döwrebap howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşan Özbegistanyň wekiliýetine üns bereniňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Özbek hem-de türkmen halklarynyň, umumy sebit boýunça howpsuzlygyň we durnuklylygyň bähbidine, biziň aramyzda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda geçirilen işjeň, ynanyşykly we aç-açan gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine pugta ynanýandygymy mälim edýärin. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowy hatyralap geçirilen matam çärelerine gatnaşanlygyňyz üçin ýene bir gezek çuňňur hoşallygymy mälim etmäge ygtyýar beriň. Şol matam günlerinde ähli özbek halky Siziň, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç hakyky berdaşly dost gerdeniňizi, şahsy goldawyňyzy, çyn ýürekden we doganlyk gynanjyňyzy duýdy. Siziň Yslam Abduganiýewiçe hem-de tutuş özbek halkyna mähir we çuňňur hormatlamak duýgularyna ýugurlan, Samarkant şäherinde sözlän sözüňiz köp milletli Özbegistanyň her bir ýaşaýjysynyň kalbyna ornady. Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini Türkmenistanda ebedileşdirmek baradaky kararyňyz üçin hem Size çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Bu asylly hem-de tüýs ýürekden çykýan başlangyç iki halkyň özara gatnaşyklarynyň taryhyna ebedi girer hem-de häzirki zaman özbek döwletliligini esaslandyran Yslam Abduganiýewiç Karimowyň ýagty ýadygärligine hormaty alamatlandyrar. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin. Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow