Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Çap edildi 01.09.2015
3401

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi. Bu ýere ýygnananlar – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmen döwletiniň Baştutanyny ajaýyp güýz baýramçylygy bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine, türkmenistanlylaryň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde täsir galdyryjy täze üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler şu belent asylly maksatlara ýetmäge bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine laýyk gelýän hil taýdan täze sepgide çykarmaga ýardam edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini mynasyp dowam etdirijiler bolmaly, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý, ýokary ahlakly, bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek üçin hemme şertleriň döredilmegi ynsany jemgyýetimiziň baş we iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hut şol ýörelgeler esasynda bilim ulgamynda iri möçberli özgertmeler geçirilýär. Şol özgertmeler asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli we dünýäniň iň oňat tejribesini özünde jemleýär. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan we umumybilim berýän mekdeplerden başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim berlişiniň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi bolsa eýýäm ýurdumyzyň esasy ylym-bilim merkezleriniň derejesine, şol sanda halkara derejesine eýedir. Türkmen jemgyýetiniň bilim derejesini maksadalaýyk ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge tutuş ýurdumyz boýunça öňdebaryjy kompýuter tehnikalary we bilim berlişiniň multimediýa serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan täze döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralarynyň alnyp barylýan gurluşyklary, şu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirildmegi, şeýle hem umumybilim berýän mekdepleriň 12 ýyllyk okuwa geçirilmegi goşmaça itergi berýär. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, täze netijeli usulyýetleri işläp düzmek hem-de täze okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek boýunça işlere hem uly üns berilýär. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara tüýs ýürekden aýdan gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen jemgyýetini täze taryhy eýýamyň beýik özgertmelerine ruhlandyryp, agzybirligiň we jebisligiň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýän şöhratly baýramçylygyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady häzir durmuşyň bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň we kämilleşdirmegiň, durmuş-ykdysady ösüşiň uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň akyl-paýhas kuwwatyny okgunly artdyrmagyň zerurlygyny talap edýändigini hem-de döwletimiziň bilimli, başarnykly ýaşlaryň sazlaşykly terbiýesi barada mundan beýläk-de hemişe alada etjekdigin aýtdy. Şol ýaşlar özbaşdak Türkmenistanyň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň geljegidir. Döwlet Baştutanymyz egindeşlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, mekdep okuwçylaryna, talyplara iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Mugallymlara hem-de ylym-bilim ulgamynyň edaralarynyň ähli işgärlerine ýeňil bolmadyk, mähriban Watanymyzyň bähbidine asylly işlerinde üstünlikleri we bagtyýarlygy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow