Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Çap edildi 01.09.2015
1303

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri öz hatlarynda döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga, okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmaga, tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjek zehinli ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilendigini belleýärler. Häzir Türkmenistanda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli edaralar, çagalar sagaldyş merkezleri, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy hem-de bina edilýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimize ýurdumyzda milli hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýew, B.Hojamämmedow, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, E.Orazgeldiýew, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan milli Liderimizi A.Nurberdiýewa gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri P. Taganow, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow ýolladylar. Döwlet Baştutanymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi O. Gurbannazarow, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow tüýs ýürekden gutladylar. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýolladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler iberdiler.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow