Biziň ýutlarymyzyň arasynda bar bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Mohamed Elias Mohamed Elhajy Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky çözgüdi kabul etdik. Onuň tejribesi we iş başarjaňlygy bu belent wezipäni ak ýürekden we mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Mohamed Elias Mohamed Elhajy mähirli kabul edip, onuň Size meniň adymdan aýtjak ähli zatlaryna, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize we tutuş türkmen halkyna abadançylyk barada aýdan arzuwlaryna ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Hoşniýetli arzuwlar bilen, Omar Hassan Ahmad Al-Başir, Sudan Respublikasynyň Prezidenti