Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, jenap Mustafa Kapujuny Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýeti, iş tejribesi we ukyby bu ýokary wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyny gazanar ýaly ýerine ýetirmek üçin uly tagalla etjekdigi barada mende doly ynam döredýär. Şol ynam bilen ony mähirli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size aýtjak ähli zatlaryna ynanmagyňyzy, esasan-da Siziň Alyhezretiňize bagt we Türkmenistanyň halkynyň abadançylygy baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan edýän sözlerine doly ynanmagyňyzy Siziň Alyhezretiňizden haýyş edýärin. Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti