Baş sahypa
\
\
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ussat ekerançylaryna, edermen bakjaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ussat ekerançylaryna, edermen bakjaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine
Çap edildi 08.08.2015
1212

Eziz watandaşlar! Ussat bakjaçylar! Sizi bereketli türkmen topragynyn sahawatynyň şanyna bellenilýän Turkmen gawunynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala agzybirligini, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek we Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin! Ussat ekerançylar! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň in çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýraryn üns berýäris. Çünki oba hojalygyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady binýadyrty has-da berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge hem-de türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberlerini has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda edermen oba zähmetkeşleriniň, şol sanda bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň yhlasly we öndünjilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Babadaýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Bu bolsa, olary täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, has ýokary sepgitlere ýetmäge galkyndyrýar, Edermen daýhanlarymyzyň ene topraga bolan yhlasyny, ondan bol hasyl öndürmäge, halal zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamaga höwesini artdyrýar, ata-babalarymyzdan gelip ýeten daýhançylyk däplerini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Hormatly oba zähmetkeşleri! Edermen bakjaçylar! Siz sahawatly türkmen topragyndan pagtanyň, bugdaýyň, dürli ir-iýmişleriü we miweleriň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýraiyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Şonuň bilen birlikde, bereketli topragymyzyň in bir arzyly nygmatlaiy - behişdi miweleri saýylýan datly gawun-garpyzlarymyzy ösdürip ýetişdirmekde hem uly üstünlikleri gazanýarsyňyz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde, ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, bakjaçylykda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar hem-de dünýä ýüzünde türkmen gäwunynyň şan-şöhraty has-da dabaralandyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň sahawatly sähralarynda, bereketli ýaýlalarynda türkmen gawunynyň bol hasylynyň kemala getirilmegi hem-de onuň rysgal-bereketli saçaklarymyzyň bezegi bolmagy bizi örän guwandyrýar we buýsandyrýar. Ekerançylyk Önümlerinden doldurylan bazarlarymyzyň bezegi bolan şirin-şeker gawunlaryň öndürilişini artdyrmakda, olaryň täze görnüşlerini döretmekde we ösdürip ýetişdirmekde ýadawsyz is alyp barýan ussat bakjaçylarymyzyň we ekerançy alymlarymyzyň bitirýän işleri örän ülüdyr. Eziz ildeşler! Turkmen gawunlary barada dünýä jahankeşdelerinin, meşhur älymlaryň, syýahatçylaryň we taryhçylaryň ýazgylary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şol ýazgylardan belli bolşy ýaly, Turkmenistan gadymy döwürlerden bäri datly gawunlaryň watany hasaplanýar. Häzirki döwürde türkmen ekerançylygynyň bakjaçylyk ylmynyň gorunda gawunlaryň 1 600-e golaý göraüşi hasaba alnyp, şolaryň 400-e golaýynyň türkmen topragynyň datly nygmatydygy, has dogrusy, halkymyzyň ekerançylyk mirasy bolan türkmen gawunlarydygy örän buýsançlydyr. Turkmen gawunlary halkymyzyň milli mirasydyr, rysgal-bereketli desterhanlarymyzyň in bir arzyly nygmatydyr. Asyrlarboýy dünýäniň ünsüni özüne çekip gelýän türkmen gawunynyň şan-şöhraty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýär. Geljekde hem gadymy ekerançylygyň gülläp ösen mekany bolan türkmen topragynda bakjaçylygyň täze belentliklere göterilmegine döwlet tarapyndan ähli şertler dörediler. Gadyrly oba zähmetkeşleri! Eziz watandaşlar! Sizi gadymy döwürlerden bäri at-owazasy dünýä dolan hem-de sahawatly topragymyzyň in bir datly nygmaty hasaplanýan Turkmen gawunynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde hem-de ýurdumyzda türkmen gawunynyň täze görnüşlerini döretmekde we ösdürip ýetişdirmekde, mukaddes türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin! Eziz Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän datly türkmen gawunlarynyň hem-de behişdi nygmatlara bay saçaklarymyz5^ň berekedi hiç haçan egsilmesin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow