Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Çap edildi 18.07.2015
1336

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza baýramy mynasyebtli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu baýram täze taryhy döwürde türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we jebisliginiň, halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de däp-dessurlaryna ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, guramalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy ahlak tämizligini, rehimdarlygy we ynsanperwerligi alamatlandyrýan bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. Gutlaglary iberenler milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan iri möçberli asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, B.Hojamämmedow, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, E.Orazgeldiýew, M.Ýazmuhammedowa mähirli we tüýs ýürekden gutladylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy A.Nurberdiýewa gutlady. Milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýolladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi O. Gurbannazarow, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow tüýs ýürekden gutladylar. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy gutlaglaryny ýolladylar. Mukaddes Oraza baýramy bilen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler tüýs ýürekden gutladylar.

Soňky habarlar
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
top-arrow