Dewid Kemeron, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Oraza baýramy mynasybetli Size, Siziň maşgalaňyza we tutuş türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy, bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn. *** Hasan Ruhani, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny gudraty güýçli Biribara şükür etmegiň we doga-dilegleriň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň ynsanperwer ymtylmalarynyň şöhlelenmegini alamatlandyrýan mukaddes Oraza baýramy ekstremizm we ýowuzlykdan saklanmagyň esasyny döredýär. Şu beýik baýramyň öňüsyrasynda mundan beýläk hem bütin dünýäde parahatçylygyň berkejekdiginiň, esasan hem musulman ymmatynyň arasynda ruhy gymmatlyklara esaslanýan durnuklylyk we howpsuzlyk ýörelgeleriniň gülläp ösjekdiginiň şaýady boljakdygymyza ynanýaryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikler, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we bagtyýarlyk dileýärin. *** Mohammad Aşraf Gani, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Oraza baýramy bilen gutlamaga rugsat bermegiňizi haýyş edýärin. Haýyr-sahawatyň, rehimdarlygyň we ynsanperwerligiň aýy bolan mukaddes Oraza aýynda ähli musulmanlaryň namaz- orazalarynyň kabul bolmagyny, ýer ýüzüniň ähli musulmanlaryna parahatçylygyň, bagtyň we gülläp ösüşiň ýaran bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin. *** Islam Karimow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we arzuwlarymy kabul ediň. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak we ynanyşmak ugurlaryna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. *** Abdullah II, Iordaniýanyň Patyşasy: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Size Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, hökümetiniň adyndan we öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň oňat gutlaglarymy ýollaýaryn. Size berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk hem gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy kabul ediň. *** Kabus bin Said, Omanyň Soltany: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Tutuş musulman ymmatyna abadançylyk ýollamagyny Beýik Biribardan dileg edýärin.