Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri öz gutlaglarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen beýik sepgitler milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň kanunalaýyk netijesidir diýip belleýärler. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman bejeriş-anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär, olar iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyza halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada edýän ýadawsyz aladasy üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ýadawsyz işinde uly üstünlikler arzuw edýärler. Milli Liderimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, B.Hojamämmedow, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R. Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, E.Orazgeldiýew, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden we mähirli gutladylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan milli Liderimizi A.Nurberdiýewa gutlady. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow gutlag hatlaryny iberdiler. Milli Liderimizi ýurdumyzyň ähli ilatynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny we mähirli gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G. Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we köpsanly beýlekiler gutladylar.