Jenap Prezident, meniň mähriban doganym, Alžir döwletiniň hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy şatlyk bilen Size ýollaýaryn. Gudraty Güýçli Alladan Siziň Alyhezretiňize bagt we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mundan beýläk hem gülläp ösüşleri we özgerişleri, şeýle hem musulman ymmatyna abadançylyk dileýärin. Size çuňňur hormat goýýandygym barada ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Abdelaziz Buteflika, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.