14.01
2020
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
14.01
2020
Biz, 2020-nji ýylda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan, 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar.
14.01
2020
Ilki bilen sizi Täze ýyl bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlamaga, size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw etmäge rugsat ediň!
13.01
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.
13.01
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
13.01
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhalesi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
12.01
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
11.01
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saida Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Kabus Bin Saidiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
10.01
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
10.01
2020
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy.