Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly syýasatçylar türkmen liderine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly syýasatçylar türkmen liderine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler
Çap edildi 02.01.2019
1197

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Geçen ýyl Russiýany we Türkmenistany birleşdirýän strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösmegine beslendi. Söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary berkidildi. Sebitara hyzmatdaşlyk, işewürlik we jemgyýetçilik toparlarynyň gatnaşyklary giňeldi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny giňeltmek, dürli ugurlarda täze taslamalary ilerletmek boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynanýarys. Munuň özi iki ýurduň uzak möhletleýin bähbitlerine doly kybap gelýär. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt we üstünlik, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Dmitriý MEDWEDEW, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Goý, Täze ýyl Size bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmekde güýç-kuwwat bersin we geljege bolan ynamyňyzy has-da pugtalandyrsyn hem-de hemişe üstünlik ýaranyňyz bolsun! Size parahatçylyk, hoşniýetlilik, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Walentina MATWIÝENKO, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn. Li ÇŽANŞU, Hytaý Halk Respublikasynyň halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn. Li KESÝAN, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Size Täze ýylda bagtyýarlygy we ähli gowulyklary arzuw edýärin. Hanym Jasinda ARDERN, Täze Zelandiýanyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow