09.01 2020
Ine, 2019-njy ýyl — 365 gün biziň halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Biz şol günleriň dowamynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda ýaşadyk we döretdik.
09.01 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Täçmyrat Siliýew Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
09.01 2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
08.01 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, birnäçe desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy.
08.01 2020
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
08.01 2020
Täze, 2020-nji ýylyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamak bilen, ähli halklar we adamzat üçin gülläp ösüş hem-de öňe gidişlik ýyly bolmagyny arzuw edýärin.
08.01 2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
07.01 2020
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär.
06.01 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
06.01 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
1488 sahypa
Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi