Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy
Çap edildi 01.01.2019
1872

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze, 2019-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli dünýäniň ähli halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy Siziň Alyhezretiňize ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etmek bilen, ýurtlarymyzyň hem-de dostlukly halklarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn. Iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH, Kuweýt Döwletiniň Emiri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýylyň baýram edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy iberýärin. HARALD V, Norwegiýanyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Täze ýyl mynasybetli bagtyýarlyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! MARGRETE II, Daniýanyň Şa zenany. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýylda iň gowy arzuwlar bilen. TUPOU VI, Tonganyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Şu baýramçylyk günleri geçen ýylyň netijeleri barada oýlanmak bilen adamlar biri-birine hoşallyk duýgularyny beýan edýärler. Goý, 2019-njy ýyl umyt-arzuwlaryň we islegleriň amala aşýan ýyly bolsun! Žýuli PEÝETT, Kanadanyň General-gubernatory. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýyl gutlaglarymy kabul ediň! Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Petsi REDDI ýanýoldaşy bilen. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Täze ýyl mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy hem-de 2019-njy ýylyň bagtyýarlygyň, saglygyň we parahatçylygyň ýyly bolmagy baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn. Geçen ýylda maňa bildiren ynamyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin hem-de bellenilen wezipeleri çözmek üçin Täze ýylda gujur-gaýrat arzuw edýärin. Angela MERKEL, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal kansleri.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow