Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Baş arçasy – GDA ýurtlaryndakylaryň iň belendidir
Jemgyýet
Türkmenistanyň Baş arçasy – GDA ýurtlaryndakylaryň iň belendidir
Çap edildi 05.01.2019
2089

«Älem» Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň belentligi depesine gelşik berýän sekizburç ýyldyzy bilen 38 metrdir. Ol GDA ýurtlaryndakylardan iň belendidir. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň paýtagtlarynda oturdylan Täze ýyl arçalary Aşgabat arçasyndan 1 metr pesdir. Özbegistanyňky – 3 metr, Belarusyňky- 8 m, Täjigistanyňky – 10 m, Russiýanyňky- 11 m, Gyrgyzystanyňky, Gazagystanyňky we Grusiýanyňky -13 metr keltedir. Ýurduň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy 2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda bolupdy. Dürli şarlardyr oýunjaklar we öwşün atýan bezeg şerişdeleri bilen bezelen owadan arçanyň töweregindäki dabaralar 10-njy ýanwara çenli dowam eder: Täze ýylyň esasy gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem olaryň kömekçileri – türkmen ertekileriniň gahrymanlary – çagalary aýdym-sazly hem-de sahnalaşdyrylan tomaşalar bilen begendirerler.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow