23.01
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.
22.01
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
22.01
2020
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
22.01
2020
«Euronews» habarlar telewideniýesiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou Türkmenistanda iş saparynda bolýar.
22.01
2020
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewiň general-polkownik harby adyny general-maýor harby adyna çenli peseltmeli.
22.01
2020
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmaly.
22.01
2020
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi.
21.01
2020
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir «Sanly ykdysadyýetde innowasion ösüş we intellektual eýeçiligiň goragy» atly makala bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekilýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň orny nygtalýar.
21.01
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi.
20.01
2020
Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.