25.01 2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
25.01 2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy.
24.01 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
24.01 2020
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi.
24.01 2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
23.01 2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabaralary boldy.
23.01 2020
Şu gün paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürler toparlarynyň duşuşygy geçirildi. «Tegelek stol» görnüşinde guralan duşuşygyň barşynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
23.01 2020
Ýokanç keseller, şol sanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýy döredip biljek täze wiruslar boýunça dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galýar. Ulag-aragatnaşyk ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geografik ýerleşişini, halkara gatnaşyklaryň ösüşini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegini nazara almak bilen, Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak üçin, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli görkezmelerine laýyklykda, toplumlaýyn çäreler geçirilýär.
23.01 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
23.01 2020
Myrat Rejepowiç Artykowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly.
1488 sahypa
Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi