06.09 2020
Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan TASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm mysalydyr.
05.09 2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
05.09 2020
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
05.09 2020
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy.
05.09 2020
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
05.09 2020
Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş. Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy -2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy.
05.09 2020
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşýandygyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
04.09 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
04.09 2020
Şu gün Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmakda öňegidişligi ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.
04.09 2020
Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak babatda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibi, öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi hem-de tölegi almagyň Tertibi tassyklanyldy.
1474 sahypa
Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy