Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 11.05.2026
907

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar hem-de ýurdumyzda iş alyp barmagyň «PETRONAS» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny bellediler. Dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli mübärekläp, Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde uly ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz myhmanlaryň saparyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekde, anyk çäreleri durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň, özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň wajyp ugry bolup durýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekip, şol döwürde “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy. Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Myhmanlar «PETRONAS» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Olar malaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirýändigini aýtdylar we mümkinçilikden peýdalanyp, «PETRONAS» kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Malaýziýa bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow