Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Çap edildi 10.05.2026
27

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Häzirki wagtda toplumda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär. Onuň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar öz oňyn netijesini berýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynyň hoştap howasy bu künjege gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözellik eçilýär. Türkmen tebigatynyň her pasla mynasyp gözelligi ynsan kalbyna oňyn täsirini ýetirýär. Şu günler tutuş daş-töwerek al-ýaşyl öwüsýär.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gurluşyklaryň depgini barada giňişleýin maglumat berildi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, toplumyň merkezi girelgesinde oturdylan bedew heýkelini, girelgäniň aýmançalarynyň bezeg aýratynlyklaryny we toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. “Bu ýerde alnyp barylýan işler künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesine aýratyn üns berilmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Toplumyň bagy-bossanlyga bürenmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Munuň özi bu ýerde atşynaslar üçin bolşy ýaly, ahalteke bedewleri üçin hem amatly mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini görkezýär.

Milli Liderimize topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary, ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumatlar berildi. Bellenilişi ýaly, ýoluň gurluşygy on gatlakdan ybarat bolup, olarda ulanylýan serişdeler hil derejesi, berkligi babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Şeýle hem ýoluň gurluşygynyň şu görnüşdäki serişdeleriniň sebitde ilkinji gezek ulanylýandygy aýdylyp, bu usulyň ýoluň berkligine bolşy ýaly, onuň gyralarynda ýagyn suwlaryny bir ýere toplamak, degişli ugra gönükdirmek ýaly mümkinçilikleri hem üpjün edýändigi nygtaldy. Munuň özi häzirki zaman ýol gurluşygynda döwrebap tejribedir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluň germewleriniň, ýol belgileriniň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Bu ýerde alnyp barylýan işler tassyklanan meýilnama laýyklykda batly depginde dowam etdirilmelidir. Gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň kesgitlenen möhletde tamamlanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly, olaryň daşky görnüşlerinde, toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň aýratynlyklarynda-da bir bitewi sazlaşyk döredilmelidir. Toplumyň çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, toplumyň çapuw meýdançasynyň tomaşaçylar üçin niýetlenen münberine bardy. Bu ýerde at çapyşyklaryna tomaşa edýänler üçin zerur şertleriň döredilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Aýratyn-da, münberiň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen otagynda döredilýän mümkinçilikler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz münberiň ähli ýerinden at çapyşyklaryny doly derejede synlamak babatda zerur şertleriň üpjün edilmelidigini, oturgyçlaryň amatlylyk derejesiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, munuň atçylyk sporty bilen gyzyklanýan adamlar üçin döredilýän şertleriň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygyna ünsi çekdi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza çapuw ýollaryna türkmen sährasynyň çägesiniň düşelýändigi, onuň ýörite garyndylar bilen utgaşygynyň atyň toýnaklary üçin ýakymlydygy, bu örtügiň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi we bu usulyň atşynaslyk pudagynda işjeň ulanylýandygy barada habar berildi. Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan türkmen topragynyň her bir künjeginiň, howasynyň, suw we toprak serişdeleriniň atlar üçin ýaramlydygyny, muny uzak ýyllaryň tejribesiniň görkezýändigini aýdyp, türkmen tebigatynda bedewler üçin zerur bolan ähli amatlyklaryň bardygyna ünsi çekdi we bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra toplumyň açyk manežiniň gurluş aýratynlyklary, bu ýerde atlaryň gözellik bäsleşiklerini guramak üçin döredilen mümkinçilikler görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda atçylyk we atly sport boýunça giň möçberli halkara çäreleriň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigini nygtap, bu ýerde gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlary synlamak we olara baha bermek üçin mümkinçilikleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän atçylyk toplumlaryny, aýlawlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede saklamak, olarda döredilen mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Diýarymyzda atly sporty ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem bu ýerde ýapyk görnüşli athana bolup, onda bedewler üçin ähli amatlyklar döredilýär. Athananyň howa çalşygyny üpjün etmek, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Mundan başga-da, bu ýerde atlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga niýetlenen enjam oturdylýar. Emeli aňyň mümkinçilikleri we sanly ulgam arkaly atlaryň saglyk ýagdaýyna degişli maglumatlar ýörite merkezde jemlener. Toplumyň çäginde döwrebap enjamlaşdyrylýan ýapyk maneže çäge düşelipdir. Hünärmeniň belleýşi ýaly, onuň çägesi aşakdan çyglylandyrylar. Bu bolsa çägäniň dykyzlygyny üpjün edip, atlar üçin amatlylygyň baş şertini emele getirer. Munuň özi ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak ugrunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz toplumyň otaglarynyň içki bezeg işlerine ünsi çekip, otaglarda ýerleşdirilýän şekilleriň görnüşleriniň onuň ähmiýetine laýyk derejede bolmalydygyny belledi. Şunda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Şeýle-de binalaryň we otaglaryň içiniň bezeg işleri ýerine ýetirilende reňk sazlaşygyna aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur alnyp, manežiň gyra germewlerine maýyşgak serişdeler ornaşdyrylýar. Munuň özi çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän atlaryň toýnagyna, injiklerine zeper ýetmeginiň öňüni alýan döwrebap usuldyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen ahalteke bedewleriniň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini, hünärine yhlasly seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilendigini belledi. “Häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda ahalteke bedewlerini saklaýan we ösdürip ýetişdirýän jemgyýetleriň, merkezleriň sany az däl. Ýöne iň arassa ganly bedewler ahalteke atlarynyň asyl mekany bolan türkmen topragynda bar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bedewleri saklamak, seýislemek, atly sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna we umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri boýunça häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu ýerde ulanylýan tejribeleri özleşdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi. Bu bolsa Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda dowam etdirilmeginde ähmiýetlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
top-arrow